Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus studentleri has köp erkinlik isleýärler


24-nji iýunda rus studentleri özlerine has köp özbaşdaklygyň berilmegini talap etdip, rus parlamentiniň binasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdiler.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň berýän maglumatynda studentleriň ýaşlara has köp erkinlik berýän kanunlaryň kabul edilmegini talap edendikleri aýdylýar.

Bu çäräni geçiren rus studentleriniň ellerinde “Graždan jemgyýetiniň esasyny studentleriň özbaşdak bolmagy düzýär” diýen şygarly plakatlaryň bolandygy habar berilýär.

Bu çärä gatnaşanlar özleriniň Ýewropadaky studentler ýaly erkin bolmak isleýändiklerini Azatlyk Radiosynyň habarçyna aýtdylar.
XS
SM
MD
LG