ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Ýewropa we Kawkaza sapar edýär. Ol şu gün Ukraina barar. Klintonyň Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanokuwiç bilen duşuşmagyna garaşylýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu duşuşykda Ukrainanyň baýlaşdyrylan uranyny ýok etjekdigi barada yglan eden karary hakda maslahat ediljekdigini habar berdi. Ukraina bu kararyny şu ýyl yglan edipdi.
Klinton bäş gün dowam etjek bu saparynyň baryşynda Polşa, Azerbaýjana, Ermenistana we Gürjüstana-da barar.