Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň günortasynda köp sanly söweşiji öldürildi


Owganystanyň günortasynda NATO güýçleri tarapyndan köp sanly söweşiji öldürildi, talyplaryň ýerli liderleriniň biri ýaralandy hem ýesir alyndy. Anyk sanlar barada maglumat ýok.

Helmend welaýatynyň Bagran etrabynda talyplara garşy ýörişleriň geçirilýändigi, talyplaryň raketa hem awtomat oklary bilen garşylandygy habar berildi.

Şol welaýatyň beýleki bir etrabynda talyplar bilen söweşlerde olaryň liderleriniň biri ýesir alyndy.

Owganystanyň demirgazygyndaky Parwan welaýatynda Günorta Koreýanyň gurluşykçylaryň ýaşaýan jaýy raketa okuna tutuldy. Jebir çekenler barasynda maglumat berilmeýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG