Klinton aerportda Ermenistanyň daşary işler ministri Eduard Nalbandiýan tarapyndan garşy alyndy we biraz soň prezident Serž Sarkisýan bilen gepleşik geçirdi.
Klinton Nalbandiýan bilen bile guralan metbugat ýygnagynda Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň dawaly sebit Dagly-Garabag babatda parahatçylykly ylalaşyga gelmeklerini isleýändigini aýtdy.
«Bu meselede bile we berk durup, konflikti soňlamak barada kabul ederlikli çözgüde gelmek ilkinji nobatda Dagly-Garabag halkynyň bähbidine, ýöne şübhesiz Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, tutuş sebitiň hem bähbidine» diýip, Klinton aýtdy.
Klinton Waşingtonyň bu meselede maksada etmek üçin hakyky progres görmek isleýändigini nygtady.
Şeýle-de Klinton Türkiýäni Ermenistan bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmagy ilerletmäge hem iki ýurduň umumy serehetlerini açmaga çagyrdy.
Bakuwdaky gepleşikler
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Ermenistana Azerbaýjandan geldi. Klinton ol ýerde prezident Ylham Alyýew bilen duşuşdy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Klintona Dagly-Garabag dawasynyň çözülmeginde ABŞ-a bil baglaýandygyny bildirdi. Alyýew bu territorial dawany öz ýurdy üçin “uly howp” diýip atlandyrdy.
“Biz mümkin bolan iň gysga wagtda bu meseläniň çözülmegini isleýäris” diýip, Alyýew Hazar deňziniň kenaryndaky kabulhanasynda Klinton bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen gepleşiklerden öň eden çykyşynda aýtdy.
Klinton Bakuwda Waşingtonyň Azerbeýjana we Ermenistana Dagly-Garabag meselesinde parahatçylykly çözgüde gelmäge kömekleşmäge taýýardygyny aýtdy.
Dawaly sebit
Dagly-Garabagda esasan hem etniki ermeniler ýaşaýar. Olar 1990-njy ýyllarda ýüze çykan söweşden soň Azerbaýjandan bölünip aýrylypdylar. Şol söweşde 30 müňe golaý adam heläk bolupdy. Dagly-Garabagyň garaşsyzlygy hiç bir döwlet tarapyndan ykrar edilmedi.
Azerbaýjan tarapy ýakynda, eger gerek bolsa, Dagly-Garabagy güýç bilen gaýdyp almaga taýýardygyny aýdypdy. 15 ýyla çeken halkara araçylyk tagallalary parahatçylyk ylalaşygyny gazanyp bilmedi.
Geçen aý Dagly-Garabagyň golaýynda bolan ok atyşykda bolsa dört sany etniki ermeni esgerleri we bir azeri esgeri heläk boldy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary hökmünde Klintonyň Azerbaýjana sapary Baku bilen gatnaşyklary sazlamagy göz öňünde tutýar. Baku Waşingtony Dagly-Garabag dawasynda Ermenistanyň tarapyny çalmakda aýyplap, ABŞ bilen gatnaşyklaryny “täzeden gözden geçirip biljekdigini” duýdurypdy.
ABŞ tarpyndan goldanylýan Ermenistan-Türkiýe ýakynlaşmasy boýunça tagallalar hem Waşington bilen Bakuwyň arasynda gatnaşyklaryň sowamagyna getiripdi.
Azerbaýjan Owganystandaky ABŞ we NATO güýçleri üçin strategiki üpjünçilik ýoly bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde bu ýurt möhüm energiýa merkezi.