Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler we maşyn


Paýtagtyň “Jygyllyk” bazaryndaky maşyn söwdasy edilýän ýer.
Paýtagtyň “Jygyllyk” bazaryndaky maşyn söwdasy edilýän ýer.
Türkmenistanda ne uly, ne kiçi maşyn çykarýan zawod ýok. Ýurt Sowet Soýuzynyň gol astynda ýaşaýarka türkmenleriň aglabasy Orsýet zawodlarynyň önümleri bolan «Wolga», «Žiguli» kysymly maşynlary sürýärdiler. Ol döwürler ýurda daşary ýurt maşynlarynyň getirilmegi gadagandy. Moskwa haýsy maşyny münmäge rugsat berse, şol hem münülýärdi. Maşynlary diňe hökümet satýardy. Ony-da islän wagtyň magazine baraga-da, satyn alyp bolanokdy. Maşyn almak üçin on-on bäş ýyllap nobata ýazylmalydy. Bazarlarda maşyn satmak gadagandy.

Halkyň maşyny esasan «Žigulidi». «Wolga» has puldar adamlar bolaýmasa, hemmä ýetdirmeýärdi. «Pobeda» kysymly maşynlar ellinji, altmyşynjy ýyllarda wezipeli adamlaryň sürýän maşynyna öwrülip, soň ýitip gitdi. «Zaporožes» kysymly maşynlar köplenç inwalidlere berilýärdi. Soňy bilen «Zaporožes» maşynlarynyň kämilräk görnüşleri hem çykarylyp, ony pullary azrak adamlar alýardy. «Wolga» maşynlary wezipeli adamlary işe gatnatmak üçin edaralara-da berilýärdi.

Sowet soýuzynda çykýan maşynlaryň hiç birem kämil däldi. Olaryň içi tomusda yssy, gyşda sowuk bolýardy.

“Täsin maşynlar”döküldi

Garaşsyzlykdan soň Türkmenistana türkmenleriň hiç wagt synlap görmedik maşynlary gelip başlady. Dürli kysymly, dürli daşary ýurtlardan gelýän maşynlar türkmen şäherleriniň köçelerinde suw ýaly akyp başlady. Şeýle bir owadan, täsin maşynlar döküldi, ilki-ilkiler halk olara aňkaryp, awtobusa münmegem unudyp, aňkaryp galýardy. Maşynlaryň içi-de ýokary derejede. Gyşyna isledigiňçe ýyladyp bolýar, tomsuna isledigiňçe sowadyp. Oturgyçlary ýumşak, aýnalary ses geçirmeýän. Bahalary 50 müň amerikan dollaryna çenli bolan «Mersedesler» edaralaryň ýolbaşçylaryny işe gatnatmak üçin hökümet edaralaryna berildi. Beýle maşyny türkmen nirede görüpdir! «Mersedese» münmek nesibesine ýazylan adamlar kellelerine şemal urup, deň-duşlary bilen salam etmegem goýup başlady.

Dubaýdan on ýyl, bäş ýyl sürlüp satylýan köne maşynlary ýurda getirmek üçin köp adamlar maşyn söwdagärlerine öwrüldiler. Maşyn hökümet magazinlerinde satylmaýar. Daşary ýurt firmalary, aýratyn-da türk firmalary maşyn getirip satýarlar. Ýöne olaryň getirýän maşynlary aşa gymmat.

Ilkibaşda ruly sagdaky maşynlar-da getirilip ugraldy. Ýöne olar sebäpli köçe heläkçiliginiň köp ýüze çykýanlygy üçin, soňy bilen ruly sagdaky maşynlary ýurda getirmek gadagan edildi. Ruly sagdaky maşynlaryň ruluny çepe geçireniňde-de ol maşynlar sebäpli ýüze çykýan betbagtçylyklar az bolmady. Maşynyň çepe geçirilen rulunyň maşyn batly barýarka sypyp gidýän halatlary, şunuň netijesinde-de ölüm-ýitimiň ýüze çykmasy köp bolýardy.

Maşyn köp, pul az


Bazarlarda satlyga çykarylýan maşyn örän köp. Halkda welin pul az. Sebäbi derde ýarar ýaly maşynlar sekiz müň dollardan ýokarda. Bu pul köp kişä tapdyrmaýar. Şeýle bolansoň, getiren maşynlaryny bäş-alty aýlap satyp bilmeýänler kän. Bir müň, iki müň dollara orsuň köne «žigulileri» hem satylýar. Ýöne halkyň köpüsinde şony satyn almaga-da ýagdaý ýok. Üstesine-de, dollaryň hümmeti gaçdy. Halk öň ýygnap goýan bir müň dollaryna aljak zady üçin indi üç müň dollar tölemeli bolýar. Öň ýygnalyp goýlan dollarlaryň barysynyň hümmeti ep-esli aşak gaçdy.

Bir ýerde söwda edere zat bolsa, özüni oňaran şol tarapa eňýär. Ýurtda maşyn söwdasyny edýänlerem köpeldi. Aýratynam Mary welaýatynyň adamlary maşyn getirip satmakda has aktiwlik görkezýärler. Ilkibaşda ruly sagdaky maşynlary getirip başlanam, maşynyň ruluny çepe geçirip sürmegi tapanam marylylar.

Marylylar janypkeş adamlar. Olar maşgala pul tapmak üçin her hili kyn işem bolsa, gaçmaýarlar. Häzirem köp maryly söwdagärler maşynlary söküp, hamala ätiýaçlyk şaý getirýän ýaly, döwük görnüşde getirýärler. Soňra olary täzeden gurnaýarlar.

Näme edilende-de, maşyn söwdasy halal eklenç. Neşe satan ýaly däl. Ýa-da ogurlyk däl. Garaz, şeýle problemalaryň barlygynda satyn alnan ýerinde iki müň dollara düşýän maşynlar türkmen ýurduna, türkmen bazaryna düşýänçä sekiz mün dollarlyk haryda öwrülýär. Söwdagärlere her maşyndan bir müň dollar peýda galýar. Getirilen maşyn derrew satylsa, bu pul az hem däl. Ýöne maşyny alty-ýedi aýda, bir ýylda satýanlar üçin welin, ýol azabynam üstüne goşsaň, bu pul üýtgeşik pul däl. Her zadam bolsa, işsiz ýatandan, garaz, azam bolsa, çörek puly gazanan ýagşy. Çagalary aç gazyga daňandan gowy bolýar.

Parahat Ilmyradow aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG