Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somalide BMG-niň agentliginiň işgäri ogurlandy


Düýn Somalide BMG-niň minadan arassalamak boýunça agentliginiň işgäri ogurlandy.

Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk alyp barýan Said Moalim Başir paýtagt Magadişo ýakyn Teredişe etrabynda maşynly barýarka ele salyndy.

Maglumat maşynyň sürüjisi arkaly ýaýrady. Ony-da tutup, soň goýberipdirler.

Somaliniň günortasynda hereket edýän söweşijiler minalardan arassalamagamaga garşy çykyş edýärler hem BMG-niň wekillerini ýurtdaky parahatçylygy we adalaty bozmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG