Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Pakistan bilen gatnaşyklaryny artdyrmak isleýär


NATO-nyň ýolbaşçysy Anders Fog Rasmussen çarşenbe güni eden çykyşynda guramanyň Pakistan bilen gatnaşyklaryny has hem berkitmek isleýänligini aýtdy.

Rasmussen bu pikirini çarşenbe güni Pakistanyň daşary işler ministri Şah Muhmud Kureýşi bilen bilelikde Yslamabatda geçiren metbugat ýygnagynda öňe sürdi.

Rasmussen Owganystanda alnyp barylýan harby operasiýalaryň tamamlanmaly möhleti bolan 2014-njy ýyldan soňra hem NATO-nyň Owganystanda galmaklygy dowam etdirjekdigini belläp, regiondaky parahatçylyk boýunça Pakistanyň rolunyň möhümdigini nygtady.

Rasmusseniň Pakistana edýän sapary Owganystanda geçirilen halkara konferensiýanyň ýzýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem mundan üç gün öň Pakistanda bolup, Waşingtonyň Yslamabat bilen gatnaşygyny artdyrmak isleýänligini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG