Ýekşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu Palestinanyň Hamas toparynyň islendik duşmançylykly hereketine Ysraýylyň gazaply reaksiýa bildirjekdigini duýdurdy.
Onuň ýekşenbe günündäki beýanaty Hamasyň gözegçiligindäki Gaza sektoryndan Ysraýylyň 2 şäherine edilen raketa hüjümi bilen bagly ýaýradyldy. Şol hüjümlerde hiç kimiň heläk bolmandygy we kiçi weýrançylygyň bolandygy habar berildi.
Oňa jogap hökmünde Ysraýyl Gaza sektoryna howadan hüjüm etdi. Şolaryiň birinde Hamasyň ýokary derejeli komandiri öldürildi.
Şeýle hem, şu gün palestinler Hamasyň ýokary derejeli komandiriniň öýünde güýçli partlamanyň bolandygyny habar berdiler. Wakada ençeme adam ýaralandy.
Bu partlamanyň Ysraýylyň howadan eden hüjümi sebäpli bolandygyny palestinalylar aýdýarlar.
Palestinanyň howpsuzlyk resmileri partlamanyň şu gün irden Hamasyň harby ganatynyň komandiri Ala Adnafyň öýunde bolandygyny aýdýarlar.
Azyndan 17 adam keselhana ýerleşdirildi. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, bu partlamada 2 adam öldi.