Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň prezidenti Britaniýa sapar edýär


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Fransiýa eden 2 günlük resmi saparyny tamamlap, sişenbe güni Britaniýa bardy.

Zardariniň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, Pakistanyň prezidenti Britaniýanyň premýer-ministri bilen duşuşyp, Yslamabadyň terrorçylara garaýşy baradaky Deýwid Kameronyň tankydy bellikleri barada gepleşik geçirmegi göz önünde tutýar. Olar hepdäniň anna güni duşuşarlar.

Geçen hepde Britaniýanyň premýer-ministri Nýu Deli şäherinde eden çykyşynda Pakistanyň bir tarapdan ekstremistler bilen gatnaşyk saklap, beýleki tarapdan bolsa, regionda durnuklylygy ornaşdyrmak ugrunda alada edýän ýurt hökmünde görünjek bolýandygyny aýtdy.

Pakistanyň prezidenti Zardari Fransiýanyň “Le Monde” gazetine beren interwýusynda Owganystanda talyplara garşy alnyp barylýan uruşda ýaranlyk güýçleriniň ýeňilýändigini öňe sürdi.

“Muňa halkara jemgyýetçiliginiň owgan ilatynyň ynamyny gazanyp bilmändigi sebäp boldy” diýip, Pakistanyň prezidenti belledi.
XS
SM
MD
LG