Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ilaty ewakuasiýa etmek çäreleri dowam edýär


Pakistanyň häkimiýetleri şu gün ýurduň demirgazygynda ýene agyr ýagynyň ýagmagy zerarly täze sil heläkçiliginiň ýüze çykmagyndan howatyr edip, ýerli ilaty ewakuasiýa etmek çärelerini dowam etdirýärler.

Şu gün Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani soňky günler ýüz beren sil heläkçiliginde ejir çeken adamlara tizden-tiz gumanitar ýardamlaryň berilmegini sorap, halkara jemgyýetçiligine ýüzlendi.

Ýurduň hökümet resmileri indi iki hepde bäri dowam edýän sil heläkçiliklerinde 15 million töweregi adamyň öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýerli edarasy bu sil heläkçiliklerinde azyndan 1 müň 600 töweregi adamyň ölendigini we 252 müň töweregi ýaşaýyş jaýynyň hem doly weýran bolandygyny aýdýar.

Şu gün Birleşen Ştatlaryň hökümeti Pakistanyň silden ejir çeken ilatyna ýardam üçin 35 million dollar, Awstraliýanyň hökümeti bolsa 9 mllion dollardan gowrak maliýe ýardamyny bermekçidigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG