Şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda 1,325 sany parahat ýaşaýjy öldürildi. Bu barada Owganystanyň Adam hukuklary boýunça garaşsyz komissiýasy maglumat ýaýratdy.
Maglumatda asuda ýaşaýjylaryň öldürilmegine esasan Talyban pitneçileri tarapyndan amala aşyrylan hüjümleriň sebäp bolandygy aýdylýar.
1,325 adamyň 68%-niň talyplar tarapyndan öldürilendigi, 23%-niň ölümine bolsa ýaranlyk güýçleriniň we owgan harbylarynyň hereketleriniň sebäp bolandygy aýdylýar.
Hasabata görä, galan adamlaryň ölümine başga näbelli faktorlar sebäp bolupdyr.
Bu sanlar geçen ýylyň degişli döwründen 5% ýokary bolup durýar diýlip, hasabatda bellenýär.