Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda siliň täze tapgyry ýüze çykyp biler


Şu gün Pakistanyň Meteorologiýa döwlet edarasy ýurduň Punjap prowinsiýasynda sil heläkçiliginiň täze tapgyrynyň ýüze çykmak howpunyň bardygy barada maglumat ýaýratdy.

Bu barada eden çykyşynda Pakistanyň Meteorologiýa döwlet edarasynyň başlygy Kamur-u-Zaman Çaudri Pakistanyň taryhyndaky iň uly sil heläkçiliniň heniz sowulmandygyny belledi.

Ol ýakyn 10 günüň içinde bu ugurdaky ýagdaýlaryň has aýdynlaşjakdygyny aýtdy.

Pakistanyň hökümet resmileri indi iki hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän sil heläkçiliklerinde 1 müň 600-den gowrak adamyň ölendigini we 14 million töweregi adamyň öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG