Berk liniýaly yslamçy topar bilen «hususy kontaktlary» tassyklan hem bolsa, owgan prezidenti Hamid Karzaý öz hökümeti bilen Talybanyň arasynda formal parahatçylyk gepleşikleriniň ýokdugyny aýtdy.
Karzaý Birleşen Ştatlaryň ABC telekanalynda efire berlen interwýuda Al-Kaýdanyň we beýleki terror toparlarynyň bölegi bolmadyk jeňçiler bilen geljekde parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek ähtimallygyna tarap «açyk» ugur alnandygyny aýtdy.
Şeýle-de, prezident owgan aýallarynyň islendik formal gepleşikde «saldamly we täsirli» wekilçiliginiň boljagyny hem aýtdy.