Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý NATO-nyň howa hüjümlerini ýazgardy


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurduň demirgazygynda saýlaw kampaniýasynyň 10 sany wekiliniň ölümine sebäp bolan NATO-nyň howa hüjümlerini ýazgaryp, ýörite beýanat ýaýratdy.

NATO-nyň harby resmileri Owganystanyň Takhar welaýatynda şu gün irden ýüz beren bu wakany derňemek boýunça iş alnyp barylýandygyny mälim etdiler.

Bu wakanyň fonunda bolsa, şu gün Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Robert Geýts ýörite sapar bilen Kabula bardy. Ol özüniň bu saparynyň barşynda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem-de Owganystandaky NATO güýçleriniň harby komanduýuşisi general Deýwid Petreus bilen gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

XS
SM
MD
LG