Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýadaky partlamada azyndan 7 adam heläk boldy


Nigeriýanyň paýtagty Abudžede bolan birnäçe bomba partlamasynda azyndan 7 adam heläk bolup, köpüsi ýaralandy.

Ýurduň Adalat ministrliginiň edarasynyň golaýynda iki sany minaly maşynyň partladylandygy habar berilýär. Bu waka ýurduň garaşsyzlygynyň 50 ýyllygynyň bellenilýän wagtyna gabat geldi.

Nigeriýanyň garaşsyzlygynyň 50 ýyllygy bilen bagly geçirilýän dabaralara ýurduň prezidenti Gudlak Jonatanyň, ýokary derejeli çinownikleriň hem daşary ýurt delegasiýalarynyň gatnaşandygy aýdylýar.

Bu wakadan öň Nigeriýanyň günortasynda hereket edýan “Nigeriň deltasyny azat etmek boýunça ýaraglanan topar” terror hüjümlerini amala aşyrmaga taýýarlanýandygyny duýdurypdy.

Bu barada ýaýradan beýanatynda agzalan topar garaşsyzlyk döwrüniň “50 ýyl dowam eden şowsuzlyk” bolandygyny aýdyp, toý tutmaga hiçbir sebäbiň ýokdugyny aýdyar.
XS
SM
MD
LG