Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada bir million gowrak adam demonstrasiýalara gatnaşdy


Düýn Fransiýada bir million gowrak adam pensiýa ýaşy bilen bagly protest aksiýalaryna gatnaşdy.

Soňky aýlar şeýle köpçülikleýin aksiýalar Fransiýada altynjy gezek geçirilýär.

Köp şäherlerde, şol sanda Parižde demonstrasiýaçylar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar boldy. Lionda ençeme dükan talandy.

Tutuş ýurt boýunça benzin guýýan stansiýalaryň üçden biri benzin ýetmezçiliginden kösenýär.

Pensiýa ýaşyny altmyşdan altmyş ikä ýetirmek baradaky kanun proýektini eýýäm parlamentiň aşaky öýi makullady, oňa ýakyn wagtlarda Senatda serediler.
XS
SM
MD
LG