Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda golland raýaty alnyp gaçyldy


Duşenbe güni Gollandiýanyň resmileri Owganystanyň demirgazygynda bir golland raýatynyň we onuň ýerli ulag sürüjisiniň alnyp gaçylandygyny habar berdiler.

Owganystanyň Takhar welaýat administrasiýasynyň resmileri Gollandiýanyň bu raýatynyň ýerli maýyp-müjrüplere ýardam bermek boýunça hökümete degişli bolmadyk bir guramada iş alyp barýandygyny mälim etdiler.

Olaryň aýtmagyna görä, bu gürrüňi edilýän golland raýaty we onuň ýerli ulag sürüjisi welaýatyň Bangi etrabynda barýarkalar näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylypdyr.

Alnyp gaçylan bu adamlaryň anyk şahsyýeti barada maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG