Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa, Germaniýa we Niderlandiýa howa howpsuzlygyny berkidýär


Ýemenden ýük uçary bilen bomba iberilenden soň awiasiýa howpsuzlyk çärelerini berkidendigini aýdan ýurtlaryň arasynda Britaniýa, Germaniýa we Niderlandiýa hem bar.

“Al-Kaýdanyň” terror plany diýlip güman edilýän bombaly gapyrjaklar Birleşen Ştatlara gelmeli eken. Ýöne olar geçen hepde Angliýadaky we Dubaýdaky uçarlardan tapyldy.

Britaniýa, Germaniýa we Niderlandiýa partlaýjy enjamlaryň tapylmagy netijesinde Ýemenden gelýän ýük uçarlaryny togtadýandygyny we mümkin bolan howpuň öňüni almaga gönükdirilen beýleki çäreleri görýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG