Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslam dünýäsi ABŞ-dan umydygär


Prezident Barak Obama öz aýaly Mişel Obama bilen Indoneziýada saparda. Jakarta, 10-njy noýabr, 2010.
Prezident Barak Obama öz aýaly Mişel Obama bilen Indoneziýada saparda. Jakarta, 10-njy noýabr, 2010.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Indoneziýa saparynyň çäginde şu gün yslam dünýäsine ýüzlendi.


Prezident Obama yslam dünýäsini Birleşen Ştatlar bilen ylalaşykda ýaşamaga çagyrdy. Ol Jakarta şäherindäki Indoneziýa Uniwersitetinde studentleriň öňünde çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolandan soňra, käbir ösüşleriň gazanylandygyna garamazdan, entek yslam dünýäsi bilen gatnaşyklaryň howp astyndadygyny hem aýtdy.

“Biz käbir ösüşleri gazandyk. Emma, biz ýene-de köp iş etmeli. Amerikadaky, Indoneziýadaky we dünýäniň ähli künjündäki asuda ýaşaýjylar ekstremizmiň nyşanlary bolup galýarlar. Men Amerikanyň häzirem, asla hiç haçanam yslam bilen söweş ýagdaýynda bolmajakdygyny açyk aýdýaryn. Biziň ählimiz Al-Kaýdany we onuň ýaranlaryny ýok etmek üçin bilelikde işleşmeli. Olaryň hiç biriniň dine, hususanam, dünýäniň beýik dini bolan yslam dinine hiç hili gatnaşygy ýok. Emma kimde-kim döretmek, gurmak isleýän bolsa, ol adamlar weýran ediji terrorçylara ýol bermeli däldirler. Bu diňe Amerikanyň öňünde duran wezipe däl” diýip, Barak Obama nygtady.

Mundan bir ýarym ýyl ozal Müsüriň paýtagty Kairde amerikan-musulman gatnaşyklary barada eden çykyşyndan soň, bu çykyş prezident Barak Obamanyň ABŞ-nyň yslam dünýäsi bilen gatnaşyklary barada eden ikinji uly çykyşydyr.

Umytlaryň ählisi amala aşmady...

Barak Obama Kairdäki çykyşyndan soňky umytlaryň ählisiniň amala aşmandygyny göz öňünde tutup, ýyllarboýy ornaşan gapma-garşylygy diňe bir çykyşyň aradan aýryp bilmejekdigini hem nygtady.

Prezident Obama Indoneziýany demokratiýanyň ösýän, öz ykdysadyýetini gowulandyrmak ugrunda tagalla edýän we beýleki dinler bilen ylalaşykda ýaşaýan yslam jemgyýeti hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol: “Biz dürli ýollardan geçen iki halk. Biziň halklarymyz dürli dinlere uýýan ýüz millionlarça adamlaryň bir baýdagyň astynda erkinlikde we agzybirlikde ýaşap biljekdiklerini subut etdiler” diýdi.

Obamanyň 17 aý mundan ozal Kairde eden çykyşyndan soň, onuň yslam dünýäsindäki meşhurlygynyň peselendigi bellenilýär. ABŞ-nyň “Foreign Policy” žurnalynda çap edilen analizinde James Glassman we Huan Zarate prezident Obamanyň palestin-ysraýyl ýaraşyk gepleşiklerinde aýdar ýaly ösüşi gazanmandygyny, öňki prezident Jorj Buşuň Yrak we Owganystan barada alyp baran syýasatynyň henizem dowam edýändigi üçin bu ýagdaýdan, esasanam, araplaryň lapykeçdigini ýazýarlar.

Şu günki çykyşynda Barak Obama Ýakyn Gündogar meselesiniň çözgüdini tapmak ugrundaky aladalaryň dowam edýändigini we käbir «uly böwetleriň» bu ugurda oňyn çözgütlere bil baglaýandyklaryny belledi.

“Biz Ýakyn Gündogarda galp başlangyçlara we yza gaýtmalara duçar bolduk. Ýöne, muňa garamazdan, biz parahatçylyk ugrundaky tagallalarymyzy tutanýerli dowam etdirdik. Ysraýyl we Palestina özara göni gepleşiklere täzeden başladylar. Emma uly päsgelçilikler saklanyp galýar. Parahatçylyga we howpsuzlyga aňsatlyk bilen ýetiljekdigi baradaky hyýallar ýalňyşdyr. Ýöne, bir zady anyk aýdyňlaşdyraýyn: Amerika bu dawada ähli taraplaryň bähbidini göz öňünde tutup, adalatly çözgüdiň gazanylmagy ugrunda hereket eder, ýagny, Ysraýylyň we Palestinanyň parahatçylykda hem howpsuzlykda ýaşamagy üçin ähli tagallany eder. Bu biziň maksadymyz” diýip, Obama öz çykyşynda nygtady.

Prezident Obama Indoneziýa saparynyň dowamynda günorta-gündogar Aziýadaky iň uly Istiklal metjidine hem bardy.
XS
SM
MD
LG