Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň delegasiýasy Türkmenistana sapara bardy


Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopiniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa iş sapary bilen Türkmenistana bardy.

Duşenbe güni delegasiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn bähbitli özara meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Mundan başga-da, Hytaýyň delegasiýasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde duşuşyk geçirdi. Onda esasan iki ýurduň energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlyk barada maslahat edildi diýlip, habar berilýär.

Hytaýyň delegasiýasy Türkmenistanyň taryhy we medeni merkezleri bilen hem tanyşdy diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG