Düýn ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton çykyş edip, Wikileaks internet saýtynda gizlin diplomatik dokumentleriň çap edilmegini “halkara jemgyýetçiligine hüjüm” diýip atlandyrdy.
Amerikan hökümetiniň wekili Robert Gibbs hem Wikileaks internet saýtynda gizlin diplomatik dokumentleriň çap edilmegine jogap hökmünde prezidentiň administrasiýasy ençeme ädimleri planlaşdyrýar we şol dokumentleriň aýan edilmegi boýunça jenaýat derňewine başlamak meselesine seredilýär diýip belledi.
ABŞ-nyň soýuzdaşlary-da bu hereketi jogapkärçilikçiz ädim diýip atlandyrdylar we bu ABŞ bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna sebäp bolmaz diýen pikiri öňe sürdüler.
Wikileaks internet saýty bazar güni ABŞ-nyň 250 müň gizlin diplomatik dokumentlerini çap etdi.