Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kubaly dissident baýrak almak üçin goýberilmedi


Düýn Ýewropa parlamentiniň “Saharow” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçdi. Emma laureatyň özi, kubaly dissident Guillermo Farinas bu çärä gatnaşmady.

Kubanyň hökümeti Guillermo Farinase bu baýragyň gowşurylyş dabarasyna gitmäge rugsat bermedi.

Bu barada düýn Guillermo Farinas Kubanyň Santa-Karla şäherinde şeýle diýdi: “Eger-de Kubanyň häkimiýetleri rugsat bermändikleri sebapli biz öz hereketlerimizi togdadarys diýip pikir edýän bolsalar, olar ýalňyşýarlar. Biz tussag edilsek-de ýa hatda janymyzdan geçmeli bolsak-da, öz şahsy azatlyklarymyzy öňe sürmägi dowam etdireris”.

Fransiýanyň Strasburg şäherinde geçen bu baýrak gowşurylyş dabarasynda Guillermo Farinasyň ýeri boş goýuldy.

"Saharow" baýragy erkin pikir üçin berilýän baýrak. Bu sowet alymy we dissidenti Andreý Saharowyň hatyrysyna 1988-nji ýylda Ýewropa parlamenti tarapyndan döredilipdi.
XS
SM
MD
LG