Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat MTS-iň jaňyny kesdi


MTS-i kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça direktory Ý.Kohanowskaýa: «Gynansak-da, biz häzirlikçe bu barada türkmen tarapyndan hiç hili düşündiriş almadyk».
MTS-i kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça direktory Ý.Kohanowskaýa: «Gynansak-da, biz häzirlikçe bu barada türkmen tarapyndan hiç hili düşündiriş almadyk».

Türkmenistan şu günden başlap ýurduň territoriýasyndaky iň uly mobil operatory bolan MTS kompaniýasynyň işini ýatyrýar.


Bu ýagdaý mobil hyzmatlaryndan peýdalanýan türkmenistanlylaryň 80 prosente golaýyny mobil aragatnaşygyndan we internetden mahrum eder.

Düýbi Moskwada ýerleşýän MTS kompaniýasy düýn özüniň Türkmenistandaky muşderilerine şu günden başlap MTS operatorynyň ýurtdaky hyzmatlarynyň wagtlaýynça ýatyrylýandygyny duýduryp, maglumat ýaýratdy.

«MTS-Türkmenistan» operatorynyň internet saýtynda bu kompaniýanyň Türkmenistandaky lisenziýasynyň ýatyrylýandygy barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginden duýduryşyň gelip gowşandygy aýdylýar.

Düşündiriş ýok

MTS kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça direktory Ýelena Kohanowskaýa düýn Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kompaniýanyň lisenziýasynyň ýatyrylmagynyň anyk sebäpleri barada Türkmenistan tarapyndan anyk düşündirişiň ýokdugyny aýtdy.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Gynansak-da, biz häzirlikçe bu barada türkmen tarapyndan hiç hili düşündiriş almadyk. Şoňa görä-de, biz häzir nähilidir bir düşündirişe garaşýarys hem-de mesele kadalaşdyrylar we düşünişmezlikler aradan aýrylar diýip umyt edýäris».

Ýelena Kohanowskaýanyň sözlerine gorä, MTS operatorynyň lisenziýasy bir aýlyk möhlet bilen ýatyrylypdyr.

Türkmenistanyň häkimiýetleri häzirlikçe bu bolan wakanyň anyk sebäpleri barada resmi beýanat etmediler.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow ýurduň habar serişdelerinde-de bu barada hiç hili maglumatyň berilmeýändigini aýtdy.

Emma regionyň käbir habar çeşmelerinde soňky wagtlar MTS operatorynyň mobil pudagyndaky agalyk edýän rolunyň öňüni almak üçin Türkmenistanyň häkimiýetleriniň bu kompaniýa belli bir basyşlary görkezip gelýändikleri barada maglumatlar peýda boldy.

Bu maglumatlara görä, ýakynda MTS operatoryna degişli köp möçberdäki SIM kartalar we käbir enjamlar hem Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugy tarapyndan konfiskasiýa edilipdir.

Mundan daşary, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň soňky wagtlar MTS operatorynyň aksiýalarynyň köp bölegine eýe bolmaklyga çalyşýandyklary barada-da maglumatlar bar.

Nähili netijeleri bolar?

2005-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýan MTS mobil operatoryna häzirki wagt ýurtdaky mobil telefon kontraktlarynyň 80 prosentden hem gowragy degişli. Mobil telefon kontraktlarynyň galan 20 prosentine golaýyna Türkmenistanyň «Altyn Asyr» döwlet kompaniýasy eýelik edýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow Myrat Gurbanow «Altyň Asyr» mobil kompaniýasynyň müşdurileriniň az bolmagynyň sebäbini bu kompaniýanyň hyzmatlarynyň hiliniň ýaramazlygy bilen düşündirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen, 2008-nji ýyldan başlap «MTS-Türkmenistan» operatory öz müşderilerine mobil-internet hyzmatlaryny-da giň gerimde hödürläp başlapdy.

Mundan öň internet hyzmaty diňe welaýat merkezlerinde çäklije möçberde elýeterli bolup, etraplarda we oba ýerlerinde adamlar ondan peýdalanyp bilmeýärdiler.

«MTS-Türkmenistan» operatorynyň mobil-internet hyzmatlary soňky wagtlar ýurduň oba ilatynyň arasynda-da giň meşhurlyga eýe bolup ugrapdy. Häzir MTS kompaniýasynyň internet hyzmatlarynyň kesilmegi döwlet tarapyndan internete edilýän gözegçilikleri has-da artdyrar diýen gorky hem bar.

MTS kompaniýasynyň bu soňky waka bilen bagly ýaýradan beýanatynda öz kontraktlaryny saklap galmak isleýän müşderileriň geljekde bu kompaniýanyň hyzmatlaryndan 20 prosent arzan bahadan peýdalanyp biljekdikleri aýdylýar.

Mundan daşary, kontraktlaryny togtatmak isleýän müşderilerine-de MTS kompaniýasynyň olaryň çykdajylaryny gaýtaryp berjekdigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Myrat Gurbanow kompaniýanyň ýerli wekilleriniň geljekki ýagdaýlar barada, barybir, optimistik garaýyşdadygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG