Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet tussaglar sebäpli Belarusa öz nägileligini bildirýär


Orsýetiň Daşary işler ministrligi 19-nji dekabrda Belarusda geçirilen jedelli saýlawlardan soň gurnalan protestlerde tussag edilen Orsýetiň raýatlarynyň ählisiniň azat edilmegini talap edýär.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasiniň Belarusyň Orsýetdäki ilçisi Wasiliý Dolgolýow bilen telefon arkaly düýnki geçiren söhbetdeşliginde onuň Minskde tussag edilen Orsýetiň 11 raýatynyň azat edilmegini talap edenligi aýdylýar.

Aýratynam, Karasin bu meseläniň wagtynda çözülmezliginiň Orsýet bilen Belarusyň gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýdypdyr.

Belarusyň sudy tussag edilen şol 11 adamyň 10-15 gün gabawda saklanmagy barada karar çykardy. Şeýle-de, olardan ikisiniň işine 30-njy dekabrda Minskiň şäher sudunda garalmagynyň mümkindigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG