Tunisiň prezidenti El-Abidine Ben Aliniň düýn ýurdy terk edip gitmeginiň yzy bilen, şu gün ýurduň Konstitusion Geňeşi prezidentiň wezipesini wagtlaýynça parlamentiň spikeriniň ýerine ýetirmelidigini mälim etdi.
Şeýle hem, Tünisiň Konstitusion Geňeşi geljek 60 günüň içinde ýurtda täze prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmelidigini aýtdy.
Tünisdäki işsizlige, korrupsiýa we graždan azatlyklarynyň gysylmagyna garşy köpçülikleýin protest çykyşlarynyň kem-kem möwjemegi netijesinde, düýn Tünisiň prezidenti El-Abidine Ben Ali öz maşgala agzalary bilen Saud Arabystana gaçyp atdy.
Bu wakanyň yzy bilen, onuň wezipesini ýurduň premýer-ministri Muhammad Gannouçi ýerine ýetirip başlapdy. Tünisiň Konstitusion Geňeşiniň bu soňky beýanatyna ýurduň premýer-ministri häzirlikçe hiç hili reaksiýa bildirmedi.