Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermen prezidenti azeri tarapyna duýduryş berýär


Penşenbe güni Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Daglyk Garabag regiony üçin zerur bolan halatynda öz ýurdunyň Azerbaýjan bilen gaýtadan söweşe girmäge-de taýýardygyny aýtdy.

Bu barada Orsýetiň «Eho Moskwy» radiosyna beren interwýusynda Serž Sarkisýan Daglyk Garabagy Azerbaýjanyň eýelän halatynda ol ýerdäki ermeni ilatynyň Azerbaýjan tarapyndan zor bilen göçüriljekdigini aýdyp, şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin Ermenistanyň Daglyk Garabagy goramaga taýýardygyny nygtady.

1990-njy ýyllaryň başynda bu iki ýurduň arasynda bolan uruşdan soň, Daglyk Garabag regiony Ermenistan tarapyndan goldanylýan ermeni separatistik güýçleriniň kontrollygynda galypdy. Şol uruşda jemi 30 müň töweregi adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG