Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýaly karikaturaça hüjüm edene 9 ýyl iş kesildi


Daniýanyň sudy Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çeken suratça hüjüm etmekde aýyplanýan Somali raýatyny dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Penşenbe güni Aarhus şäheriniň sudy 29 ýaşly Mohamed Geelä adam öldürmäge synanyşykda we terrora meýil etmekde günä bildirdi.

Mohamed Geele geçen ýylyň Täze ýyl baýramçylygynda karikatura çekýän Kurt Westergaardyň öýüne girip, oňa palta bilen hüjüm edipdi.

2005-nji ýylda Westergard Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çekipdi. Şol karikaturalar ençeme musulman ýurtlarynda gazaply protestlere sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG