Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür harbylary demokratiýany wada berýär


Müsüriň täze harby ýolbaşçylary halkara şertnamalaryny ýerine ýetirjekdiklerini we halk protestleri netijesinde prezidentlikden çetleşdirilen Hosni Mubarekden soň demokratiýa tarap ýol açjakdyklaryny aýdýarlar.

Ýaragly güýçleriň ýokary geňeşiniň şenbe güni ýaýradylan beýanatynda häzirki hökümetiň parahatçylykly geçiş üçin, «azat demokratik döwlet gurmaly raýat häkimiýeti saýlanýança» öz ornunda galjakdygy aýdylýar.

Beýanatda geçiş döwri diýip belli bir wagt görkezilmeýär.
XS
SM
MD
LG