Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly etrabynyň Çendir obasyna gaz çekilýär


Regionyň sosial-durmuş şertlerini özgertmek programmasynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň dagda ýerleşýän Çendir obasyna tarap 22 kilometr gaz turbasy çekildi.

Çendir obasyny gazlaşdyrmak balkanly gazçylaryň alyp barýan uly işiniň diňe bir bölegidir.

Balkanabat şäheriniň ýüzlerçe ýaşaýjysy hususy jaý gurmak üçin mellek ýerini aldylar. Gazçylar şol ýere-de gaz çekdiler. Eýýäm 30 hojalyk gazly boldy.

Balkanly gazçylar şu wagta çenli 1,025 kilometr gaz turbasyny geçirdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
XS
SM
MD
LG