Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Liwiýa garşy görülmegi mümkin harby çäre barada oýlanýar


Günbatar ýurtlary liwiýa lideri Muammar Kaddafiniň häkimiýetden aýrylmagyna itergi bermäge kömekleşmek we Kaddafi režimine garşy çykan liwiýalylary hökümet güýçleriniň hüjümlerinden goramak üçin harby çäre görmelidigi ýa däldigi barada pikir edýändiklerini aýdýarlar.

BMG bu krizis sebäpli 20-nji fewraldan bäri Liwiýadan Tunise 70 müňden 75 müňe çenli adamyň gaçyp gelendigini aýdýar.

Kaddafi güýçleriniň protestçileriň eline geçen ýerleri yzyna almak synanyşygy netijesinde ýurduň günbatarynda ýene söweşleriň bolandygy aýdylýar.
Habarlara görä, Kaddafiniň güýçleri Tripoliden 50 km uzaklykda ýerleşýän Zawiýah şäherini yzyna almaga synyşypdyr, emma başarmandyr.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýts ikinji gün amerikan uruş gämileriniň birnäçesiniň Liwiýa tarap ugrukdyrylandygyny tassyk etdi.

Emma Geýts bu ýerde harby çäre görmek barada NATO-nyň içinde ylalaşma ýokdugyny, Obama administrasiýasynyň güýç barada karara gelmändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG