Ol haçan we nireden tapyldy?
Ýok, hormatly okyjy, şu sözbaşymy okap, ýalňyşandyryn öýtme. Hawa, türkmen topragynda piliňem, mamontyňam süňkleri mundan 70 ýyla golaý ozal Balkan welaýatynyň Hudaýdag diýen ýerinden tapylypdyr. Ol Nebitdagyň töwereginde giň şorlugyň ortasynda ýerleşýän bölejik dag, nebitli ýerdir. Şu wagtyň dowamynda bu täsin tapyndy barada türkmen metbugatynda, bize mälim bolşuna görä, bary-ýogy üç gezek ýatlanypdyr. Ilkinji habar 1952-nji ýylda "Туркменская искра" gazetinde "Siam mamonty" diýen sözbaşy bilen çap edilip, onuň kelle süňküniň suraty-da ýerleşdirilipdir.
Soňra "Edebiýat we sungat" hepdeligi 1965-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky sanynda mamontyň gaňňylynyň, ýagny skeletiniň soňky ykbaly barada okyjy Güjük Çolukowyň sowalyna jogap edip, "Türkmen piliniň süňki" atly makalany beripdir. Onuň awtory Pýotr Pogorelskiý. Şondan tas otuz ýyla golaý wagt geçensoň, şu setirleriň awtory "Diýar" žurnalynyň 1993-nji ýylyň 8-nji sanynda çap edilen "Könesi bolmadygyň — täzesi bolmaz" sözbaşyly makalada agzapdy.
Şu ýerde gürrüňini edýän zadymyň mamontmy ýa-da pildigi baradaky meselä aýdyňlyk girizmegim gerek. "Туркменская искра" gazetinde mamont barada habar berilýär. Ýöne "Edebiýat we sungatda" ol pil diýlip alnypdyr. Bizem öz makalamyzda "Edebiýat we sungata" salgylanyp, türkmen piliniň gürrüňini edipdik. Şonda terjimeçiniň säwligine eýerendigimizi boýun alýarys. Şonuň üçin-de, indi türkmen mamontynyň gürrüňini etmegi dogry tapýaryn.
Hepdelikdäki makalanyň awtory Pogorelskiý şol wagtlar partiýanyň Nebitdag komitetiniň sekretary bolup işleýär eken. Onuň şaýatlyk etmegine görä, türkmen topragyndan mamontyň süňküni Beýik Watançylyk urşundan ýaradar bolup gaýdyp gelip, Günbatar Türkmenistanyň geologiki gurluşyny öwrenýän toparda işläp ýören Pawel Fýodorow diýen biri 1943-nji ýylyň martynda tapýar. Ol partiýanyň şol wagtky raýon komitetine eline mamontyň dişiniň döwügini alyp gelýär. Uzak ýyllaryň dowamynda ýeriň teýinde ýatan haýwanyň dişi, elbetde, saralyp gidipdir.
Pogorelskiý bu täsin tapyndy hakynda tejribeli geolog Araby Muhammedowiç Raşkuýewe habar ýetirýär. Ýöne ol muňa ynanmýar. Onsoň üç bolup, äpet jandaryň ýatan ýerine barýarlar. Pogorelskiý özleriniň geçiren gazuw işlerini şeýleräk beýan edýär: "Ilki ullakan iki sany süňki köwledik. Biriniň boýy 60 santimetrdenem beýikdi. Ýogynlygy—20-30, bir ujy tompy. Ikinjisiniň boýy bir metr, ýogynlygy 15-22 santimetr. Bu süňkler örän portdy, gazyp çykardyk welin, howa degen badyna owranyp kül boldy ötägitdi. Ondan ýarym metr çemesi ýokardan dişiniň döwügini tapdyk. Ep-eslije bardy. Onuň ýokary ýanyndan ýanan agaç şahasyna meňzeş goňur pilçe tapdyk. Pilçäniň uzynlygy metr ýarym çemesidi öýdýän. Soň gazyberdik welin, süňküň tutýan meýdany has giňedi. Diňe şondan soň biz hakykatdanam haýsydyr bir uly haýwanyň kelle süňküdigini bildik. Garaňky gatlyşansoň, gazmagy bes etdik. Ýogsa bu tapyndyny haraplajagymyz ikuçsuzdy. Paleontologiýa taýdan sowatsyzlygymyz zerarly, süňke ozalam az zelel ýetirmändiris".
Türkmenistandan mamontyň süňküniň tapylandygy baradaky habar Moskwa ýetirilip, SSSR Ylymlar akademiýasyndan kömek soralýar. Emma şol zerur kömek wagty bilen gelmeýär. Belki-de muňa uruş sebäp bolandyr. Ýyllar geçýär. Türkmen mamontynyň gürrüňi unudylyp başlanýar. Onuň ýatan ýerini gazyp görenlerden Pawel Fýodorow Moskwa gidýär, Araby Raşkuýewi bolsa Kryma işe geçirýärler.
Täsin tapyndy on ýyldan soň...
Her niçik-de bolsa, "Hiçden giç ýagşy" diýleni. Türkmen mamontynyň ýatan ýerini öz gözi bilen gören P.Pogorelskiý Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi komitetiniň apparatynda işläp ýörkä, bir üýtgeşik hat alýar. Şol hatda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Paleontologiýa institutynyň professory Abarzin tas on ýyldan soň, täsin tapyndynyň ugruna çykmak üçin Türkmenistana iberiljek adamlaryň ýanyna goşulmagy Pogorelskiden haýyş edýär. 1952-nji ýylyň baharynda-da paleontologiýa ylymlarynyň kandidaty Irina Aleksandrowna Şergowa – Dubrowa ýurdumyza gelýär.
Ýene-de P.Pogorelskiniň makalasyndan sitata: "Görüp otursam, bu aýal gadym döwürlerden galan onlarça piliňdir mamontyň skeletini gazyp alan eken. Şol gün onuň bilen Nebitdaga ugradyk. On ýyl geçenem bolsa mamontyň ýatan ýerini derrew tapdyk... Gazuw işi diýseň kyndy. Skelet has gadymdan bäri ýatyp, ol laýa mäkäm berçinlenipdir. Özem şeýle bir gaty welin, ne kerki, ne-de pil kär edip bilýär. Her bir millimetri pyçak bilen diýen ýaly ýonup geçmelidi. Emma iş welin bir minutam togtadylanokdy. Men şu ýerde Gumdagdyr Nebitdagyň işçileriniň eden ägirt uly kömegini ýatlasam diýýärin. Olar höwes edip, kömekleşmäge gelýärdiler.
Birnäçe günden mamonty gazyp aldyk. Gazyp çykarylan haýwanyň kelle süňki durşy bilen gipslendi. Onuň agramy laýyk 50 put boldy. Uzynlygy hem bir ýarym metr. Gipsi-zady bilen agramy iki tonna boldy."
Bu kelle süňküni Moskwa ibermegem köp alada beripdir. Nebitdag stansiýasynyň demirýolçulary 500 kilogramdan artyk ýüki almaga hakymyz ýok diýip, instruksiýalaryny somlaşyp durupdyrlar. Ahyrda bu işe demirýol edarasynyň başlygy gatyşyp, şonuň berk görkezmesi esasynda täsin ýük otla ýüklenilip, Moskwa iberilipdir.
Paleontolog Şergowa - Dubrowa tapyndynyň ýaşyny öz ýerinde kesgitläp bilmändir, ýöne mamontyň juda gadymylygyny çaklapdyr, oňa "Siam mamonty" diýen şertli at goýupdyr. Moskwada paleontolog alymlar bu mamontyň kelle süňküniň henize çenli görlen mamontlaryňka meňzemeýändigini anyklapdyrlar. Şonuň üçinem oňa "Türkmen mamonty" diýip at bermek kararyna gelipdirler.
SSSR Ylymlar akademiýasynyň Moskwadaky paleontologiýa instituty bu iki tonnalyk kelle süňküni muzeýde goýmak üçin taýýarlamagy öz üstüne alyp bilmändir. Şeýlelikde bu institutyň Leningraddaky (häzir Sankt-Peterburg) haýwanat muzeýinde täsin eksponat peýda bolýar. Haýwanat muzeýinde üç ýyldanam gowrak wagtlap iş edinip, ahyrda türkmen mamontynyň kelle süňküni öňki kaddyna dikeldýärler, dürli emeller bilenem ony muzeýiň jaýynyň ikinji gatyna çykarmagyň usulyny tapýarlar. Ony Pogorelskiý 1965-nji ýylda baryp görüpdir.
Häzir türkmen mamontynyň süňki Sankt-Peterburgda saklanýarmy ýa ýok — bilmedim, ony gördüm-bildim diýýän adama-da duş gelmedim. Ýöne häzirem şol mamontyň dikeldilen kellesiniň Watanymyzdan uzakda ýatandygyny çaklaýaryn.
Sözümiň ahyrynda türkmen topragyndan tapylan medeni, taryhy ýadygärlikleriň ozalky SSSR-iň merkezi muzeýlerinden, institutlaryndan gaýtarylyp alynmagy ugrunda degerli işleriň alnyp barylmagynyň möhümligine türkmen häkimiýetleriniň ünsüni çekesim gelýär.
Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.