Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankarada žurnalistler protest geçirdi


Turkey -- Journalists and their supporters march as they protest against the arrests of journalists in Ankara, 04Mar2011
Turkey -- Journalists and their supporters march as they protest against the arrests of journalists in Ankara, 04Mar2011
Ýekşenbe güni Ankarada ençeme žurnalist protest geçirdi. Olar öz kärdeşleriniň hökümete garşy hereketde aýyplanyp, türmä basylmagyna närazylyk bildirdiler.

Häkimiýetler şu aýyň başynda onlarça žurnalisti tussag etdiler. Olaryň arasynda geçen ýyl Halkara metbugat institytynyň baýragyny alan žurnalist Nedim Şener hem bar.

Adam hukuklaryny goraýan toparlar premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogany ýakyn aýlarda metbugaty boganlykda aýypladylar. Emma Erdogan aýdylýanlary ret etdi.
XS
SM
MD
LG