Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geçen ýyl dünýäde 101 žurnalist öldürildi


Halkara metbugat institutynyň berýän maglumatyna laýyklykda, geçen ýyl dünýä boýunça 101 sany žurnalist öldürilipdir. Bu 1990-njy ýyldan soňky iň ýokary görkeziji boldy.

Geçen ýyl žurnalistler üçin iň howply sebit Aziýa boldy. Bu ýerde 40 žurnalist öldürildi, olaryň 15-si Pakistanda ölüme sezewar edilipdi.

Ikinji orunda bolsa Demirgazyk we Günorta Amerika kontinentleri. Bu regionlarda 32 žurnalistiň öldürlendigi habar berilýär.

Halkara metbugat institutynyň aýtmagyna görä, geçen ýyl žurnalistleriň öldürilen ýurtlarynyň sany hem artypdyr.

Soňky bäş ýylyň dowamynda dünýä boýunça 472 žurnalist öldürildi.
XS
SM
MD
LG