Pakistanyň premýer-ministri ýurduň resmileriniň “iş tärlerini ýeterlik derejede bilmeýändikleri” we Yslamabadyň Osama bin Ladeniň gizlenmegine hemaýat edendigi baradaky beýanatlaryň “manysyzdygyny” belledi.
Premýer-ministr Ýusuf Raza Gilani ýurduň parlamentinde çykyş edip, Pakistanyň öz ýaragly we ýörite güýçlerine hiç hili şübhelenmeýändigini hem sözüne goşdy.
Mundan öň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama CDS telekanalyna beren interwýusynda Bin Ladeniň Pakistanda “käbir” goldawynyň bolan bolmagynyň mümkindigini belläpdi.
“Al-Kaýdanyň” lideri 1-nji maýda Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň geçiren operasiýasy netijesinde Pakistanda öldürlipdi.