Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusly žurnalist iki ýyl şertli türme tussaglygyna höküm edildi


Şu gün Belarusyň sudy ýakynda tussag edilen prezidentlige kandidat Andreý Sannikowyň aýaly, žurnalist Irina Halipi hem iki ýyl şertli türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud ony dekabr aýynda geçirilen bikanun protest demonstrasiýasyna gatnaşanlykda günäli diýip tapdy.

Irina Halip bilen birlikde şu gün sud edilen beýleki üç sany aktiwistiň-de her birine iki ýyl bilen üç ýylyň aralygynda türme tussaglygy berildi.

Şu geçen hepdäniň şenbe güni Minsk şäheriniň sudy Irina Halipiň adamsy, geçenki saýlawlarda prezidentlige dalaş eden Andreý Sannikowy dekabrdaky protest demonstrasiýalaryny gurnanlykda aýyplap, ony bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG