Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: gozgalaňçylar bilen Kaddafi güýçleri çaknyşýar


Liwiýada gozgalaňçylar bilen Muammar Kaddafä ygrarly güýçleriň arasyndaky söweşler dowam edýär.

Liwiýanyň häkimiýetleri Zawiýa şäherindäki söweşlerde gozgalaňçylary ýeňendiklerini aýdýarlar. Emma gozgalaňçylar Liwiýanyň paýtagty Tripolä tarap öňe süýşmäge dowam edýändiklerini habar berýärler.

Döwlet telewideniýesi Kaddafiniň Halkara küşt federasiýasynyň başlygy Kirsan Ylýumžanow bilen duşuşygyny görkezdi. Ol Kaddafi bilen küşt oýnandygyny aýtdy.

Tripoliden günorta-günbatarlykdaky Zintan şäherinde hem çaknyşyklar boldy. “Frans press” agentliginiň habaryna görä, ýekşenbe güni bu şäherde azyndan 7 adam ölüpdir we 50 çemesi adam ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG