Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Al-Zawahiri "Al-Kaýdanyň" ýolbaşçysy boldy


Müsürde doglan Al-Zawahiri "Al-Kaýdada" Osama bin Ladenden soň ikinji adamdy.
Müsürde doglan Al-Zawahiri "Al-Kaýdada" Osama bin Ladenden soň ikinji adamdy.
"Al-Kaýda" bilen ilteşiklidigi bilinýän bir internet sahypasynyň penşenbe güni habar bermegine görä, bu topar Aýman al-Zawahirini özüne ýolbaşçy saýlapdyr. Müsürli Al-Zawahiri indi öten aý Osama bin Laden öldürileli bäri ýolbaşçysyz galan bu terror guramasyna liderlik eder.

"Al-Kaýda" degişli terror topary özüniň "Amerikanyň we onuň nökeri Ysraýylyň ýolbaşçygylyndaky kapyrlary", şeýle hem olary goldaýanlary boýun egdirmek üçin alyp barýan jyhadyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Beýannamada "Al-Kaýdanyň" şu ýyl Demirgazyk Afrikada we Orta Gündogarda turan halk gozgalaňlaryny goldaýandygy aýdylyp, ähli musulmanlar "Günbatar tarapyndan üstlerine ýüklenen zalym režimler gidýänçä, aýak üstüne galyp, göreşi dowam etdirmäge" çagyrylýar.

"Bölüji şahsyýet"

Patryk Pawlak Parižde ýerleşýän Ýewropa Bileleşiginiň Howpsuzlyk boýunça barlaglar baradaky intitutynyň ylmy işgäri. Ol: "Al-Zawahiri bir bölüji şahsyýet" diýýär. Onuň pikiriçe, al-Zawahiriniň ýolbaşçylygynda "Al-Kaýda" merkezleşdirilen dolandyryşdan daşlaşar.

"Al-Zawahiri Osama bin Laden ýaly adamlary özüne çekip bilýän güýçli şahsyýet hasaplanmaýar. Bin Ladeni beýle güýçli eden esasy häsiýetleriň biri onuň adamlary öz yzyna eýerdip bilýänligide. Ol "Al-Kaýda" hereketiniň içindäki dürli terroristik guramalaryň goldawyny gazanypdy. Asyl Osama bin Laden öleninden 6-7 hepde soň, Al-Zawahiriniň ýolbaşçy diýip yglan edilmeginiň özi "Al-Kaýdanyň" içinde onuň ýolbaşçylygy bilen ylalaşýanlaryň köp däldigini subut edýär" diýip, Pawlak aýdýar.

Osama bin Laden 2-nji maýda Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleri tarapyndan Pakistanda ýaşyryn alnyp barlan bir operasiýada öldürildi.

Üstümizdäki aýyň başlarynda ýaýradylan bir wideoýazgyda Al-Zawahiri Osama bin Ladeni öwdi: "Şeýh gitdi. Alla oňa rähmet etsin. Ol öz hudaýyna şehit bolup gowuşdy. Biz onuň jyhad ýoluny dowam etdirip, basybalyjylary musulmanlaryň ýurdundan çykaryp, ony adalatsyzlykdan arassalamaly".

Nirededigi belli däl

Müsürde doglan Al-Zawahiri "Al-Kaýdada" Osama bin Ladenden soň ikinji adamdy. Ol indi Birleşen Ştatlar tarapyndan gözlenýän terroristler sanawynda birinji orunda dur. Onuň tutulmagyna getiren maglumata 25 million dollar berilýär.

Al-Zawahiriniň häzir nirededigi belli däl. Ýöne howpsuzlyk boýunça analizçiler ol Owganystan-Pakistan serhet regionynda bir ýerde gizlenýändir diýip, çak edýärler.

Müsüriň ýokary gatlagyna degişli doktorlar we alymlar maşgalasynda önüp-ösen Al-Zawahiri okuwyny Kair uniwersitetinde doktorlyk derejesi bilen bitirdi. Ol söweşijilikde günälenip, Müsürde üç ýyl türmede oturdy. 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Sowet basybalyjylaryna garşy uruşýan mujaheddinleri goldamga Owganystana baranda, Bin Laden bilen tanyşdy. 1990-njy ýyllarda Al-Zawahiri baş maksady yslam döwletini gurmak bolan Müsüriň yslamçy jyhad toparynyň ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy. Bu topar soňra "Al-Kaýda" goşuldy.

1999-njy ýylda Müsüriň harby sudy Al-Zawahirini gaýybana ölüme höküm etdi. Ol Bin Ladeniň yzyna eýerip ilki Sudana, soň hem Owganystana geldi. Olar bu ýerde "Taliban" režiminiň penasynda boldular.
XS
SM
MD
LG