Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti Azatlyk Radiosynyň işgärlerini sylaglady


30-njy awgustda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewanyň karary bilen, Gyrgyzystanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli, ýurtda milletara barlyşygyň berkemegine, Gyrgyzystanyň sosial-ykdysady, medeni we ruhy potensialyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň öňki ýolbaşçysy Tynçtykbek Çorotegin “Şöhrat” medaly bilen sylaglandy.

Tynçtykbek Çorotegin 2003-2010-njy ýyllar aralygynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna ýolbaşçylyk edipdi.

Gyrgyzystanyň sosial-ykdysady, intellektual hem ruhy potensialyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Jelalabad welaýatyndaky habarçysy Yrysbaý Abdyraýmow we Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy, teležurnalist Rita Borbukeýewa Hormat haty bilen sylaglandy.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynda uzak wagtlap işlän, Gyrgyzystanyň medeniýetde at gazanan işgäri, saz sungatyny öwreniji, türkmen professional saz sungatynyň ýakyn dosty Balbaý Alaguşewe “Gyrgyzystanyň halk artisti” ady dakyldy.
XS
SM
MD
LG