Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň iki şäherinde söweş dowam edýär


Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafä tarapdar güýçleriň öz kontrollygynda saklaýan iki sany şäherini ele geçirmek üçin oppozision söweşijiler aldym-berdimli söweş alyp barýarlar.

Şeýle söweşler häzirki wagt Bani Walid we Sirte şäherlerinde alnyp barylýar. Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşiniň güýçleri bu şäherlerde Kaddafiniň tarapdarlary tarapyndan görkezilýän güýçli garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Şoňa görä, häzirki wagt bu söweşler bu iki şäherde köçeme-köçe diýen ýaly kynçylyklar bilen dowam edýär.

Muammar Kaddafiniň özünin nirededigi henizem belli däl.
XS
SM
MD
LG