Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-de Palestinanyň arzasy boýunça gepleşikler başlanar


Duşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwlet bolmak baradaky beren arzasy boýunça gepleşikler başlanar diýlip garaşylýar.

Geçen anna güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda eden çykyşynda Palestin awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas Palestinanyň özbaşdak döwlet bolmak hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmak islegini resmi ýagdaýda yglan edip, bu baradaky arzany BMG-niň Baş sekretaryna gowşurdy.

Ysraýyl Palestinanyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky islegine garşy çykyp, bu meseläniň ikitaraplaýyn parahatçylyk gepleşikleri arkaly çözülmelidigini öňe sürýär.

Emma Palestinanyň lideri Mahmud Abbas ýekşenbe güni eden çykyşynda tä Günbatar kenardaky basylyp alnan territoriýalarda Ysraýyl öz gurluşyk işlerini doly bes edýänçä, hiç hili gepleşigiň bolup bilmejekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG