Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“KazMunaýGaz” protestçiler bilen gepleşiklere başlamady


Penşenbe güni Gazagystanyň “KazMunaýGaz” kompaniýasynyň ýolbaşçylary özleriniň protest geçirýän nebitçiler bilen gepleşige başlandyklary barada peýda bolan maglumatlary ret etdiler.

“KazMunaýGaz” kompaniýasy bu barada ýaýradan press-relizinde şu ýylyň maý aýynda işden boşadylan 989 sany nebitçini gaýtadan işe dikeltmek meselesi barada gepleşikleriň başlanandygy hakynda peýda bolan maglumatlaryň nädogrudygyny tassyklaýar.

Bu kompaniýanyň işgärleri şu ýylyň maý aýyndan bäri öz aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagyny hem-de öz profsoýuz guramalaryna girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny talap edip, protest bildirmeklerini dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG