Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina özi üçin ÝB wizasynyň ýeňilleşdirilmegini isleýär


Penşenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Gresiýanyň paýtagtynda eden çykyşynda Ýewropa Bileleşigini Ukrainanyň raýatlaryna turistik wiza bermek düzgünlerini ýeňilleşdirmeklige hem-de olara biznes bilen meşgullanmaklyga has giň ýol açmaklyga çagyrdy.

Gresiýanyň prezidenti Karolos Papoulias bilen geçirilen gepleşikleriniň yzýany eden bu çykyşynda prezident Ýanukowiç Ukrainanyň geljek 10 ýylyň içinde Ýewropa Bileleşigine agza bolmagyna umyt baglaýandygyny-da nygtady.

Ýöne soňky wagtlar Ýewropa Bileleşigi Ukraindaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirip gelýär.
XS
SM
MD
LG