Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran BMG-niň täze hasabatyny tankytlady


Eýranda adam hukuklarynyň bozulmalarynyň sanynyň artýandygyny görkezýän BMG-niň täze hasabatyny resmi Tähran tankytlady.

Hasabatyň awtorlaryndan biri, Eýranda adam hukuklary boýunça BMG-niň ýörite dokladçysy Ahmed Şahid şu ýylyň başyndan bäri ol ýurtda, resmi maglumatlara görä, 200 ölüm jezasynyň ýerine ýetirilendigini, diňe ýanwar aýynda 83 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini habar berdi.

Hasabatda Maşat şäheriniň Wekilabad türmesinde geçen ýyl 300-den gowrak ölüm jezasynyň gizlin ýerine ýetirilendigi bellenýär.

Ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin, BMG-niň işgärlerini Eýranyň häkimiýetleriniň ýurda goýbermeýändigini Şahid habar berdi.

Eýranyň BMG-niň ýanyndaky wekiliniň orunbasary Eşag al-Habib hasabatda getirilen faktlary inkär etdi we muny ABŞ-yň hem onuň ýaranlarynyň gurnaýan oýunlarynyň netijesi diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG