Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýer titremeden ölenleriň sany ýokarlanýar


Türkiýäniň gündogar sebitlerinde ýekşenbe güni bolan ýer titremede, resmi maglumata görä, ölenleriň sany 279 adam bolup, 1,300 adama hem şikes ýetipdir. Ýüzlerçe adam dereksiz ýitdi.

Rihter ölçegi bilen 7,2 bal güýji bolan ýer yranmada esasan Wan we Erjiş şäherlerine zeper ýetdi. Halas ediş toparlary harabaçylygyň aşagynda galanlary gözlemegi dowam etdirýärler.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan “zerurlyk” ýüze çyksa hemaýatyň soraljakdygyny aýtdy. “Häzir diňe Azerbaýjandan, Eýrandan we Bolgariýadan gelen toparlar iş alyp barýarlar” diýip, Erdogan belledi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň türk kärdeşi Abullah Gül bilen geçiren telefon gürrüňdeşliginde bu heläkçilik bilen bagly türkmen halkynyň adyndan duýgudyşlyk bildirdi.

Duşenbe güni bolan gürrüňdeşligiň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türkiýe üçin islendik hemaýaty, şol sanda maliýe kömegini hem bermäge taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG