Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” owgan ýygnagyna hüjüm etmek bilen haýbat atýar


Owganystanda “Talyban” 16-njy noýabrda açyljak “Loýa-Jirga”, ýagny ýurduň syýatçylarynyň we taýpa liderleriniň milli assambleýasynyň mejlisine garşy hüjümleri amala aşyrmak bilen haýbat atýar.

Mejisde serediljek esasy meseleleriň biri - halkara güýçleriniň esasy kontingenti 2014-nji ýylda Owganystandan çykarlandan soň, ýurtda az mukdarda amerikan harbylarynyň galmagy meselesi bolar.

“Talyban” Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna ugradan beýanatynda mejlise gatnaşyjylaryň “agyr netijelere” duçar boljakdygyny aýtdy, şeýle-de talyp söweşijilerini assembleýa garşy hüjüm etmäge çagyrdy.

Owgan resmileri dört günläp dowam etjek mejlise iki müňden gowrak syýasatçylaryň, taýpa liderleriniň, ruhanylaryň we kanun çykaryjylaryň gatnaşjakdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG