Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ÝUNESKO berýän maliýe kömegini kesýär


France -- Delegates applaud after the vote at the Duşenbe günki geçirilen ses berişlikde bu guramanyň 195 döwletden ybarat agzalarynyň 107-si Palestinany garaşsyz döwlet diýip ykrar etdiler.
France -- Delegates applaud after the vote at the Duşenbe günki geçirilen ses berişlikde bu guramanyň 195 döwletden ybarat agzalarynyň 107-si Palestinany garaşsyz döwlet diýip ykrar etdiler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça iş alyp barýan guramasy ÝUNESKO berýän maliýe kömegini ara salym salman kesjekdigini aýdýar. Muňa sebäp bolan zat bu guramanyň duşenbe güni Parižde geçen ses berişlikde Palestinany döwlet hökmünde agzalyga kabul edenligi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoria Nuland ses berişlikden az salym soň: “Palestinanyň döwlet hökmünde ÝUNESKO agza bolmagy uzak wagt bäri bar bolan bir kanuny çäklendirmä sebäp bolýar. Şonuň netijesinde Birleşen Ştatlar ÝUNESKO berýän maliýe goşandyndan saklanmaly bolar” diýdi.

1990-njy ýyllardan galan bir kanun görä, Waşingtona Birleşen Milletler Guramasynda Ysraýyl bilen gepleşikler arkaly gelnen ýaraşykdan öň Palestinany agza döwlet diýip kabul eden haýsydyr bir edarany nähilidir bir görnüşde maliýeleşdirmeklik gadagan.

Birleşen Ştatlaryň ÝUNESKO ýylda goşýan 70 million dollar çemesi goşandy bu guramanyň býujetiniň takmynan dörtden biri. Nuland noýabr aýyna planlaşdyrylan 60 million dollaryň indi berilmejekdigini bildirdi.

ÝUNESKO-nyň işi medeni miras, ylym we bilim meselelerinde halkara hyzmatdaşlygyna kömek etmek.

Duşenbe günki geçirilen ses berişlikde bu guramanyň 195 döwletden ybarat agzalarynyň 107-si Palestinany garaşsyz döwlet diýip ykrar etdiler. Muňa garşy ses berenler 52 döwlet. 14 agza hem ses bermekden saklandy. Birleşen Ştatlara goşulyp, Palestinanyň agzalygyna garşy ses berenleriň arasynda Ysraýyl, Germaniýa, Niderlandlar we Şwesiýa hem bar.

Nuland bu ses berişligi Orta Gündogarda parahatçylyk barada barýan tagallalar üçin peýdasyz diýip häsiýetlendirdi: “Bu ses berişlikde 107 döwlet öz kararyny bildirdi. Biz bu karar we onuň netijeleri bilen ylalaşmaýarys. Bizi aladalandyrýan zat – iki tarapy gepleşikler stolunyň başyna getirjek bolup ýörkäk, munuň edýän diňe bir ýaramaz täsirleri däl. Ol biziň goldaýan guramamyz ÝUNESKO hem ýaramaz täsir edýär”.

Ysrýayl hem bu gurama edýän maliýe goşandyny kesmekçi. Ysraýylyň ÝUNESKO-daky ilçisi Nimrod Barkan kabul edilen karary “tragediýa” diýip atlandyrdy: “ÝUNESKO ylmy-fantastik hekaýa däl-de, ylym bilen iş salyşýar. Ýöne döwletleriň köpüsi - munuň agza döwletleriň 2/3 böleginden azdygyny nygtamak gerek - bir ýok döwleti ylym guramasyna kabul etmek bilen hakykatyň ylmy-fantastik wariantyny kabul etdiler”.

Ysraýylyň daşary işler ministri hem öz beýannamasynda bu hereket “halkara arkalaşygynyň parahatçylyk prosesini ilerletmek barada edýän tagallasyny ret etmek blen deň” diýdi.

Palestinanyň resmileri bolsa, bu karary gutladylar. Sözçüsiniň bildirmegine görä, prezident Mahmud Abbas: “Palestinanyň ÝUNESKO kabul edilmegi biziň hukuklarymyz üçin, adalat we erkinlik üçin ýeňiş" diýipdir.

Palestina häkimiýetleriniň sözçüsi Gassan Hatib ÝUNESKO agzalygy ýokary arzuw bilen baglanyşdyrdy: “Meniň pikirimçe, palestinleriň ÝUNESKO agzalygy gazanmagy olaryň Palestinanyň döwlet diýlip ykrar edilmegi baradaky tagallasy üçin möhüm. Bu palestinleriň halkara derejesinde ykrar edilmek ugrundaky tagallasynda ýetilen bir sepgit”.

Prezident Abbas sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasyna doly agzalyk üçin arza berdi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bu barada 11-nji noýabrda pikir alyşmakçy.

Birleşen Ştatlar: “Ýaraşyga Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda geçen gepleşikler arkaly gelinmeli” diýip, özleriniň bu arzalyga boýkot goýjakdyklaryny aýdýarlar.

Waşingtondan maliýe goşandy bolmasa, ÝUNESKO öz işlerini dolulygyna dowam etdirip bilmez.

Birleşen Ştatlar ozal hem prezident Ronald Reýganyň döwründe 1980-nji ýyllardan başlap, bu guramany boýkot edipdi. Ýöne 2003-nji ýylda, prezident Jorj Buşuň döwründe, Birleşen Ştatlar bu gurama ýene goşuldy.
XS
SM
MD
LG