24-nji noýabrda Minskiň şäher sudy belarusly hukuk goraýjy aktiwist Ales Belýatskini salgyt tölemekden gaçmakda aýyplap, ony 4,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Suduň çykaran kararyna görä, hukuk goraýjy aktiwistiň hemme emlägi hem döwletiň haýryna geçirilýär.
2003-nji ýylda belarus häkimiýetleri Ales Belýatskiniň ýolbaşçylygyndaky adam hukuklary boýunça “Wyasna”, ýagny “Ýaz” atly topary resmi taýdan hasaba almagy ret edipdi.
Hukuk goraýjy aktiwistiň Polşadaky hem Litwadaky şahsy bank hasaplary baradaky maglumatlaryň esasynda, oňa garşy jenaýat işiniň gozgalandygy aýdylýar.
Dürli daşary ýurt donorlarynyň Belýatskiniň Belarusda iş alyp barmagy üçin zerur bolan serişdeleri bu bank hasaplaryna iberendikleri habar berilýär.
Bank hasaplary baradaky maglumatlaryň belarus häkimiýetlerine Litwanyň Adalat ministrligi hem Polşanyň Baş prokuraturasy tarapyndan berilendigi aýdylýar.
ÝB-iň liderleri bu işe “syýasy matlap bilen gurnalan” diýip, ony giňden ýazgardylar.
Penşenbe güni Minskde geçirilen sud diňlenişigine Polşanyň, Litwanyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň diplomatlarynyň hem ABŞ-nyň wekilleriniň gatnaşandygy habar berilýär.