Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowadaky çaknyşykda NATO-nyň 21 esgeri ýaralandy


NATO-nyň esgerleri Priştinada, 22-nji noýabr.
Protestçiler bilen NATO-nyň parahatçylygy goraýjylarynyň arasynda demirgazyk Kosowada penşenbe güni gije ýüze çykan çaknyşykda 21 esgeriň ýaralanandygy habar berilýär.

NATO-nyň esgerleri serbler tarapyndan dikeldilen beton bloklary ýoldan aýyrmaga synanyşanlarynda çaknyşygyň ýüze çykandygy aýdylýar.

Kosowanyň demirgazygynda ýaşaýan serbler albanlardan bölünmek maksady bilen ýoly beton bloklary bilen böwetlediler.

NATO-nyň esgerleriniň daş, kesek bilen hüjüm eden protestçileri köşeşdirmek üçin, göz ýaşardyjy gazy ulanandyklaryny habar berilýär.

Kosowa 2008-nji ýylyň başynda özüniň Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan edeli bäri, onuň garaşsyzlyk statusyny dünýäniň 75 döwleti resmi taýdan ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG