Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti müňlerçe tussagyň günäsini geçdi


Ýemeniň mediasynyň habar bermegine görä, düýn prezident Ali Abdullah Saleh “krizis döwründe ýalňyşlyk edip” türmä düşenleriň ählisine günä geçişlik yglan edipdir. Şu ýyl Salehiň 33 ýyllyk häkimiýetine garşy geçirilen protestlerde ýüzlerçe adam heläk bolupdy.

Maglumata laýyklykda, şu ýylyň iýunynda Ali Abdullah Salehiň janyna kast etmek synanşygyna gatnaşanlar bu yglan edilen günä geçişlige düşmeýärler.

Geçen hepde Ali Abdullah Saleh häkimiýeti ýurduň premýer-ministrine geçirýändigi baradaky ylalaşyga gol goýupdy.
XS
SM
MD
LG