Eýranyň saýlantgy Rewolýusiýa goragçylarynyň uly komandiri öz ýurdunyň ele salnan amerikan uçaryny yzyna bermejekdigini aýtdy, ýöne bu meselede ylalaşygyň mümkindigini syzdyrdy.
General Hosseýin Salami düýn Eýranyň döwlet telewideniýesinde efire berlen çykyşynda Birleşen Ştatlaryň adamsyz uçarynyň Eýranyň howa serhetini bozmagy «duşmançylykly hereket» diýdi.
Muňa garamazdan, ol Birleşen Ştatlar bu hereketiň öwezini «käbir dogry syýasy çäreler bilen dolduryp bilerdi» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Eýran telewideniýesi geçen hepde eýran harbylarynyň RQ-170 Sentinel uçary diýip kesgitlän uçaryny gözden geçirýän pursatyny görkezdi. Olar bu uçaryň howa giňişliginde, Owganystanyň serhetinden 225 km uzaklykda ele salnandygyny aýtdylar.
Amerikan häkimiýetleri bir adamsyz uçary ýitirendiklerini tassyk etdiler.